DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Medeni mirasyň gymmaty.

                         Medeni mirasyň gymmaty.
     Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde şöhratly taryhymyzy, edebiýatymyzy, aýdym-saz sungatymyzy dürli döwürlerde ýazylan çeşmelerde we arheologik tapyndylarda duş gelýän maglumatlar esasynda wagyz etmek boýunça «Medeni mirasyň gymmaty» atly duşuşyk geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamyny ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalary barada durlup geçildi. Duşuşygyň dowamynda gezelenç hem guralyp, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň baý taryhy-medeni mirasy, ýadygärlikleri bilen tanyşdyryldy. Muzeýiň işgärleri ýurdumyzyň milli mirasy barada gyzykly gürrüň berdiler.