DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Dabaraly çäre geçirildi.

                                Dabaraly çäre geçirildi.
     Saglygy goraýyş müdirliginiň we Daşoguz şäher hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda, saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy — dilleriň senasy» diýen at bilen şäher hassahanasynyň mejlisler zalynda dabaraly çäre geçirildi. Baý mana eýe bolan çärede şäher hassahanasynyň newrologiýa bölüminiň müdiri, zähmet weterany Ýegenmät Guwanjow, hassahananyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Allaberdi Sarykow, «Ene mähri» merkeziniň lukmany Kemal Kömekow dagy çykyş edip, bagtyýar döwrümiziň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleriniň waspyny belentden ýetirdiler. Uly ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilýän bu baýramçylygyň hormatly Prezidentimiziň saýasynda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň älem-jahana ýaň salýan tutumly toýuna öwrülendigini çykyş edenler uly buýsanç bilen aýtdylar. Şeýle-de dabarada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan şygyrlar okaldy.