DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sanly ulgamyň ösüşleri.

                   Sanly ulgamyň ösüşleri.
      Bilim ojaklarynda ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary, maslahatlar guralýar. Şeýle maslahatlar daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hem geçirilýär. Bu geçirilýän çäreler ýurdumyzda sanly ulgama geçmek babatda, ýaşlara berilýän bilimiň hilini gowulandyrmakda alnyp barylýan işleriň aýdyň nyşanydyr. Golaýda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyz: «Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär» diýip bellemek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, saýlap alan hünärlerinde kämil bolmaklary üçin ähli şertleriň bardygyny aýratyn nygtady. Ýaşlaryň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmagy, öz saýlan ugry boýunça daşary ýurtlaryň tejribesini öwrenip kämilleşmegi üçin sanly bilim ulgamy, elektron aragatnaşyk yzygiderli pugtalandyrylýar. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, geljekki nesil hakyndaky alada — munuň özi ertirki güne iň bir ygtybarly, akylly-başly maýa goýumydyr. Nurana ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaşlarymyzyň kämil derejeli, ussat hünärmenler bolup kemala gelmegi, ylym-bilim ulgamynyň has-da döwrebaplaşdyrylmagy babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.