DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sapaly möwsümiň şadyýan pursatlary.

                            Sapaly möwsümiň şadyýan pursatlary.
     Golaýda welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher, Gurbansoltan eje adyndaky etrap bölümleri we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa häzirki wagtda merkezde dynç alýan çagalar gatnaşdylar. Meýdan şertlerinde geçirilen çäre çagalaryň ýangyn we onuň söndürilişi baradaky düşünjeleriniň artmagyna ýardam berdi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çykyş edenler çagalara adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini düşündirdiler. Şeýle hem ýangyn howpy ýüze çykan halatynda ondan goranmagyň düzgünleri, şol pursatda özüňi alyp barmagyň we hereket ediş kadalary dogrusynda täsirli gürrüň berdiler. Soňra gözel Diýarymyzyň tebigy baýlyklary we oňa aýawly çemeleşmek dogrusynda çagalar bilen gyzykly söhbet edildi. Çäräniň dowamynda guralan sport bäsleşigi oňa gatnaşan çagalarda ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Bäsleşigiň netijesine görä, üstünlikli çykyş eden çagalara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly gowşuryldy. «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň taýýarlan şowhunly konserti wagyz-nesihat çäresi bilen utgaşdy. Bagtyýar çagalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar, şowhunly sahnalar ýaşajyk tomaşaçylara şadyýanlyk, ruhubelentlik paýlady.