DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gazananyňyz toýlara ýarasyn!

                         Gazananyňyz toýlara ýarasyn!
     Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 26-njy maýynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bugdaý oragyna ak pata bermek bilen birlikde, şu möwsümde amala aşyrylmaly çäreleriň hatarynda gallaçylar bilen tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek barada hem anyk tabşyryklary berdi. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-nyň welaýat we ýerlerdäki şahamçalary tarapyndan bu babatda düýpli şertler döredildi. Şonuň netijesinde häzirki günlerde gallaçy daýhanlar şu bankyň welaýatymyzyň dürli ýerlerinde hereket edýän 200-e golaý bankomatlaryndan öz halal zähmetlerine düşýän pul serişdelerini alyp başladylar. Munuň özi olaryň maňlaý derleri bilen gazanan girdejileriniň hasabyna has-da bolelin ýaşamaklaryna, ony ýagşy niýetlere ulanyp, toýly günlere ulaşmaklaryna ýol açýar. Şeýle uly aladalar üçin gallaçy daýhanlarymyzyň hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarynyň çägi ýok. Gazananyňyz toýa ýarasyn, edermen gallaçylar!