DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Işine yhlasly şalyçylar.

                                   Işine yhlasly şalyçylar.
     Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşigi welaýatymyzda şalyçylyga ýöriteleşdirilen iri hojalyklaryň biri. Daýhan birleşiginiň edermen daýhanlary şaly ösdürip ýetişdirmekde köpýyllyk tejribä eýedirler. Olar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 4750 gektar ýerde bu gymmatly azyklyk ekini ekip, Watan harmanyna 20 müň 500 tonna şaly tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu asylly maksat ugrunda şalyçy kärendeçileriň 417 sanysy yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Biz bu hojalykda alnyp barylýan işler bilen tanşanymyzda, olaryň şu günler iş-aladalarynyň ýetikdigine göz ýetirdik. Daýhan birleşiginde ýerleriň aglaba bölegine şalynyň ýokary hasyllylyk babatda tapawutlanýan «Müňbaş», «Elenga», «Akgum» ýaly görnüşleri ekilipdir. Şu günler irki möhletde ekilen şalylaryň suwuny çekip, hapa-haşal otlara garşy gerbisidleri sepmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Häzirki wagtyň şalynyň bu görnüşleriniň ösüşiniň möhüm döwrüdigini tejribeli şalyçylar aýdýarlar. Hojalykda bugdaý hasylyndan boşan ýerlere şalynyň «Nöküs-2», «Bereket», «Özbek-5» ýaly görnüşlerini ekmek işleri hem dowam edýär. Olar gowy idegi ýetirilende, ekilenden 90 — 100 gün geçensoň oňat hasyl getirýär.
     — Şaly ösdürip ýetişdirmek şalyçylarymyzdan irginsiz zähmeti talap edýär. Biz bu ýyl hem köpýyllyk tejribä daýanyp, ekişi öz wagtynda geçirdik we ekiniň idegini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alyp barýarys. Şalynyň ösüşiniň her bir döwrüni gözden salmak bolmaýar. Ol suwunyň hemişe kadaly bolmagyny, hapa-haşal otlardan arassalanyp durmagyny, mineral dökünler bilen yzygiderli iýmitlendirilmegini talap edýär. Şalyçylarymyz şalynyň tohumçylygyna hem aýratyn üns berýärler. Täzelikleri durmuşa ornaşdyrýarlar. Mundan birnäçe ýyl öň şalyçy daýhanlarymyzyň biri Türkiýe döwletine gezelenje gidende, ol ýerden şalynyň hasyllylyk babatda beýleki görnüşlerden düýpli tapawutlanýan «Osmanjyk» görnüşiniň tohumyny alyp geldi. Soňra ony öz ýerlerimize ekip, toprak-howa şertlerimize uýgunlaşdyrdyk. Häzirki wagtda onuň ekilýän meýdanyny 200 gektara ýetirdik. Şalynyň bu görnüşi biziň ýerlerimizde bereketli hasyl getirip, daýhanlaryň synagyndan geçdi. Şalyçylarymyz zerur agrotehniki çäreleri geçirmekde hemişe birek-birek bilen maslahatlaşyp durýarlar. Daýhan birleşigimizde özleriniň tutanýerli zähmetleri bilen adygan, ene ýere yhlasly hyzmat edýän şalyçy kärendeçileriň ençemesi bar. Olardan özleriniň eýeçilik edýän ýerlerinden ýylyň-ýylyna ýokary hasyl almagy başarýan Meretgeldi Öräýewiň, Saparmyrat Hojaýewiň, Ýazgylyç Ýegelekowyň, Jahangül Gummanowanyň, Oguljemal Kiçiýewanyň atlaryny tutmak ýerlikli bolar — diýip, daýhan birleşiginiň baş agronomy Begenç Kyşşanow söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.
     Daýhan birleşiginiň ýaşyl mahmal ýaly ülpüldäp oturan şalyly atyzlaryny synlanyňda, bu ýylyň hasylynyň bereketli boljakdygyna ynamyň artýar. Idegi ýetirilýän şalyly peller bu ýyl şalyçylaryň ilatyň islegli azyklyk önümini bol öndürjekdiklerine şaýatlyk edýär.