DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sapaly dynç alaýyn diýseň.

                              Sapaly dynç alaýyn diýseň.
       Her daban ýeri kerem-keramat, rysgal-berekediň çeşmesi saýylýan türkmen topragy tebigy gözelliklere, taryhy ýadygärliklere, şeýle hem goýny sapaly, ynsan saglygyna şypaly künjeklere örän baý ülkedir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy jana tenekar howasy, dertlere melhem deňiz suwy bilen diňe bir güneşli Diýarymyzda däl, eýsem, häzirki wagtda bütin dünýäde meşhurdyr. Hazaryň türkmen kenary ekologiýa taýdan arassalygy bilen hem tapawutlanýar. Bu behişdi künjege myhman bolmak isleýänleriň sanynyň barha artýandygy ýöne ýere däl. Hazar deňziniň howasyndaky we suwundaky mineral maddalar bejeriji häsiýete eýe bolup, sebitiň ýumşakdan aram gurak howasy, endamyňa hoş ýakýan güneşi, arassa çägeli kenary ynsan saglygyny berkitmekde, dürli keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr. Bu ýerde suwa düşülýän möwsümiň dowamlylygy ýylda 150 güne ýetýär. Deňiz howasyndaky zarýadlanan elektrootrisatel ionlar dem alyş ýollarynda ýüze çykýan keselleriň bire-bir emidir. Dynç almak hakynda gürrüň edilende, deňiz, ajaýyp tebigat, arassa howa, imi-sala tolkunlaryň «pyşyrdysy», al-asmanda gaýýan çarlaklaryň sesi her bir adamyň hyýalynda janlanýan bolsa gerek. Emma dynç alşyň rahatlyk, asudalyk bilen baglanyşykly talaplary hem bar. Ýagny rahat myhmanhana şertleriniň, talabalaýyk hyzmat we beýleki durmuş zerurlyklarynyň doly üpjün edilmegi wajyp bolup durýar.
       Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, gojaman Hazaryň kenarynda peýda bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde bina edilen döwrebap myhmanhanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri raýatlarymyzyň sapaly dynç almaklary üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedirler. Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýylyň ähli möwsüminde raýatlarymyza göwnejaý hyzmat edilýär. Tomus paslynda bu ýer has köp adamly bolýar. Halkara ülňülere laýyklykda enjamlaşdyrylan myhmanhana otaglarynda raýatlarymyzyň rahat dynç almaklary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulandyr. Merkeziň restoranynda, kafesinde jana ýokumly, witaminlere baý milli we dünýä halklarynyň tagamlary taýýarlanylýar. «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýanlar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça ýörite guralýan gezelençler dynç alşyň täsirli bolmagyna ýardam berýär. Bu sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri hem tomusky dynç alyş möwsümlerini şadyýan geçirýärler. Jana şypaly deňiz kenarynda şadyýan oýunlary bilen gümra çagajyklaryň şat gülkülerini eşideniňde bolsa, arzyly çagalyk döwrüňe dolanan ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň. Bu ýerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini täsirli we peýdaly geçirmek maksady bilen, medeni we güýmenje çäreleri, şadyýan bäsleşikler yzygiderli guralýar. «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkeziniň akwapark, oýunlar otagynda bagtyýar çagalaryň şatlyga beslenýän pursatlaryna şaýat bolýarsyň. Çagalar merkeziň 3D kinoteatrynda gyzykly multfilmlere, çeper filmlere tomaşa edýärler. Bular hakda gürrüň edilende, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýandygyna ýene bir ýola göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletimizde her pursatda halkyň abadançylygy, nesilleriň bagtyýarlygy hakynda uly tagalla edilýändigi her bir türkmenistanlynyň guwanjyny, buýsanjyny artdyrýar.