2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Çekeleşikli sport ýaryşlary.

                     Çekeleşikli sport ýaryşlary.
     Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde 2005-2006-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça welaýat çempionaty geçirildi. Onda umumy hasap boýunça Daşoguz şäherindäki 2-nji, S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 1-nji hem-de Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdepleriniň türgenleri gazanan ýokary görkezijileri bilen tapawutlanmagy başardylar. Daşoguz şäherindäki on müň orunlyk sport toplumynda geçirilen basketbol boýunça welaýat birinjiligi hem örän çekeleşikli we täsirli pursatlara baý boldy. Oýunlaryň netijesine görä, oglanlaryň arasynda Daşoguz şäherindäki Bazaly, Akdepe etrabyndaky 1-nji, S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 1-nji sport mekdepleriniň toparlary ýeňiş gazandylar. Gyzlaryň arasynda geçen oýunlarda Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky 4-nji, Daşoguz şäherindäki Bazaly hem-de Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdepleriniň ýygyndy toparlary baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.