DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Galla — 2022!

                                             Galla — 2022!
                                Belent sepgide tarap ynamly gadam.
     Welaýatymyzda bugdaý oragy gyzgalaňly dowam edýär. Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bereketli bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak ugrundaky aladalara agzybirlikli girişen günlerinden bu möhüm hem-de gaýragoýulmasyz çäräniň depginini bada-bat ýokary derejä göterdiler. Şeýlelikde, olar häzirki döwürde bu işi guramaçylykly dowam etdirip, her günde müňlerçe tonna oňat hilli bugdaý dänesini Watan harmanyna goşmak bilen, onuň barha belende galmagyna ýardam edýärler. Şonda welaýatymyz boýunça galla oragynda kuwwatly daşary ýurt kombaýnlarynyň 430-a golaýynyň, dürli kysymly, ýük daşaýan ulaglaryň 2100-den gowragynyň güýjünden öndürijilikli peýdalanylýar. Munuň özi şu möwsümde 145 müň gektar meýdandan 265 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak baradaky meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegine oňaýly şertleri döredýär. 
     Şu ýyl Gubadag etrabynyň gallaçylary hem bu ugurda yhlasly zähmet çekip, 12,5 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Şonça meýdandan 23 müň tonnadan gowrak guşgursak däne ýygnamaklygy maksat edinýän etrabyň gallaçylary şu günleriň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanyp, şeýle belent sepgide tarap ynamly gadam urýarlar. Munuň şeýledigini etrabyň ekin meýdanlarynda işledilýän 40-a golaý kombaýnyň ýygnaýan bugdaý dänesiniň gündelik möçberleri-de anyk tassyklaýar. Bu barada aýdylanda, etrabyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň gallaçylarynyň gazanýan üstünlikleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar geçen ýylyň güýzünde ekiş geçirilen 560 gektar meýdanda ideg işlerini göwnejaý alyp barmak bilen, saldamly hasyly ýetişdirdiler. Bu babatda gallaçylyk bilen meşgullanýan 227 kärendeçiniň ählisi diýen ýaly oňat görelde görkezdiler. Şunlukda, daýhan birleşiginiň baş hasapçysy Merdan Ýazbaýewiň aýtmagyna görä, olar şu mahala çenli 800 tonna golaý bugdaýy döwlete tabşyryp, bellenilen meýilnamany 70 göterimden gowrak ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Bu bolsa şu möwsümde daýhan birleşigi boýunça 1030 tonna dänäni Watan harmanyna tabşyrmak barada bellenilen sepgide ýakyn günlerde abraý bilen ýetiljekdigine şaýatlyk edýär. Elbetde, bugdaý oragynda şeýle öňegidişlikleriň gazanylmagyna gallaçy daýhanlaryň köp sanlysy öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýeri gelende aýtsak, olaryň ençemesi häzire çenli öz ýyllyk meýilnamalaryny artygy bilen amal etdiler. Olardan Aýjemal Haýtekowanyň 1 gektardan 8 tonna, Snežana Baýjanowanyň şonça ýerden 6 tonna, Bagtygül Toýlyýewanyň 2 gektar meýdandan 10 tonna, Gülbahar Garajaýewanyň 1,25 gektardan 5,8 tonna bugdaý alyp, uly üstünliklere eýe bolandyklary guwandyrýar. Belläp geçişimiz ýaly, daýhan birleşiginde bugdaý oragy gyzgalaňly barýar. Bu ýerde bolan mahalymyzda, bugdaý oragy tejribeli daýhan Myratnepes Otuzowyň ýolbaşçylygyndaky 2-nji kärendeçiler toparynyň ekin meýdanlarynda dowam edýän ekeni. Toparyň işeňňir agzalarynyň biri hasaplanylýan Mekan Şyhnepesowyň kärende ýerinde bu işiň gidişine şaýat bolduk. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bu ýerdäki toparynyň ýolbaşçysy Merdan Muhanowyň aýtmagyna görä, oraga gatnaşýan kombaýnçylaryň yhlasly zähmeti bilen her günde 60 — 70 gektar ýeriň bugdaýy orulýar. Bu babatda tejribeli kombaýnçylar Şatlyk Öräýewiň, Geldi Esenowyň, Maksat Hojanepesowyň we beýlekileriň ýadawsyzlyk görkezýändiklerini bellemek bolar. Şonuň ýaly-da ýygnalan dänäni kabul ediş bölümine daşamakda Wepa Otuzow, Myrat Kakaýew ýaly sürüjiler yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.