DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Goja bagbanyň hoz bagy.

                            Goja bagbanyň hoz bagy.
       Hoz daragty, esasan, daglyk ýerlerde, belent tekizliklerde gowy ösüp, tiz ýetişýär. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda ol biziň welaýatymyzyň çäklerindäki käbir baglarda hem ösdürilip başlandy. Häzir hem ökde bagbanlaryň bagynda ösüp, miwe berip oturan hoz daragtlary bar. Il arasynda hoz ýetişdirmekde giňden tanalýan tejribeli bagbanlaryň biri-de Gubadag etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginde ýaşaýan Sultan Ödekowdyr. Bu ýaşuly bagban hozuň şänigini özüniň gulluk eden ülkesi Moldawiýa Respublikasyndan getiripdir. 1996-njy ýylyň baharynda şol şäniklerden gögerden şitillerini oturdypdyr. Şeýdip, onuň baglary kem-kemden ulalypdyr. Häzir ýaşuly bagbanyň bagynda 40 düýbe golaý hoz agajy seleňläp otyr. Sultan aga bir kem 90 ýaşapdyr. Tüweleme, entek gujurly bagban baglaryna guwanýar. Ol diňe bir bag ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, gyzyklanýan adamlara iş tejribesinden gürrüň berip, olara düşündirýär. Ekmek isleýän adamlara hozuň şäniginden gögerip çykan şitillerini berip, onuň idedilişi barada maslahatlaryny gaýgyrman, arman-ýadaman zähmet çekýär. Sultan aganyň gürrüň bermegine görä, hoz agajynyň ýapragy, bişmedik miweleri dermanlyk maksatlar üçin hem ulanylýar. Maý aýynyň ahyrlaryndan iýun aýynyň birinji ýarymyna çenli aralykda onuň ýapraklaryny heniz hoşboý ysy aýrylmanka ýygnamaly. Ýaprajyklary esasy sapakdan ýolup almaly. Olar haýal guradylanda garalýar, ýapragy galkan şekilli mäziň keselinden ejir çekýän adamlar üçin peýdaly diýip, bagban hozuň ýapragynyň dermanlyk häsiýetlerini hem düşündirdi.
      Hoz agajy boýy 25 metre ýetýän uly daragt bolmak bilen, köpýyllyk agaçdyr. Ol ekileninden soň 10 — 12 ýyldan miwe berip başlaýar. Onuň ýetişen hasyly sentýabr aýynyň ahyrynda, oktýabr aýynyň başynda ýygnalýar. Hozuň lukmançylykda hem uly ähmiýeti bolup, ol aşgazan, bagyr kesellerinden ejir çekýän näsaglar we gartaşan adamlar üçin derman serişdesi hökmünde bellidir. Şeýlelikde, hoz iýmit görnüşinde-de, adam bedeniniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakda hem örän peýdaly miweleriň biridir. Ynsan bedeni üçin iň peýdaly iýmitleriň biri bolan hoz miweli daragtlaryň içinde iň uzak ýaşaýan agaçdyr. Taryhy çeşmelerde hoz daragtynyň ilkinji Watany Gresiýa bolupdyr diýen maglumat bar. Soňra ol başga ýurtlara ýaýrapdyr.
    Gujurly bagban Sultan aga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtly maşgalasyna guwanyp ýaşaýar. Ol ýanýoldaşy Maýa daýza bilen iki ogly Maksatdyr Nurmuhammet, dört gyzy Mährijemaldyr Şirinjemal, Tawusdyr Zübeýda dagyny terbiýeläp ýetişdirip, olara hem bagbançylygyň tärlerini içgin öwredipdir. Şu bagtyýar döwrümizde ýaşuly bagban Arkadagly Serdarymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp taňryýalkasyn aýdyp, janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny goja ýüreginden arzuw edýär.