DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Maşgala bagtyýarlygynyň waspy.

                          Maşgala bagtyýarlygynyň waspy.
      Hormatly Arkadagymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ajaýyp günlerinde elimize gowşan «Ömrümiň manysy» atly kitaby tutuş halkymyzda guwanç, buýsanç duýgularyny döretdi. Kitapda beýan edilýän wakalar her bir ynsana ömür menzilleri hakynda içgin oýlanyp, şu gününe, geljegine bolan garaýyşlary, pikirleri barada çynlakaý oýlanmaga ýardam berýär. Çünki ynsan ömrüniň manysy ýaşalan günler bilen däl-de, bitirilen işler bilen kesgitlenilýär. Gymmatly eserde beýan edilýän durmuşy wakalary ýaşlara, halkymyza giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda birnäçe bäsleşikler geçirilýär.
      Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysy» atly kitaby esasynda, bilelikde yglan eden «Döwleti hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen bagtyýar maşgalalar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar bu eserden parçalary labyzly okamak ýa-da ýatdan aýtmak, eseriň bir bölümi esasynda bolan wakany täsirli sahnalaşdyrmak, halkymyza mahsus bolan däp-dessurlary ýerine ýetirmek boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan maşgalalar welaýatymyza mahsus bolan akgoýun toýuny tutmak däbini ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Şeýle hem kitabyň halkymyza gowuşmagynyň ähmiýetini, özlerinde galdyran täsirini aýdymdyr dessanyň, goşgynyň üsti bilen joşgunly beýan etdiler. Bäsleşigiň şertleri esasynda ýerine ýetirilen çykyşlaryň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha rowaçlanýan milli ýörelgelerimiz, baý geçmiş taryhymyz, medeni mirasymyz, şu günümiz we geljegimiz barada söhbet açýan «Ömrümiň manysy» kitabynyň täze eýýamda halkymyza ruhy goldaw boljakdygy bellenildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.