DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Okuw maslahaty geçirildi.

                    Okuw maslahaty geçirildi.
      Golaýlap gelen bugdaý oragy möwsüminde beýleki aladalar bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň pugta berjaý edilmeginiň möhüm ähmiýeti bar. Şu mynasybetli welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hem-de «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa möwsümiň dowamynda gallany kabul edýän, gaýtadan işleýän bölümleriň, harmanhanalaryň inžener-tehniki işgärleri, ýangyn howpsuzlygyna jogapkär adamlar, meýletin ýangyn söndüriji toparlaryň agzalary gatnaşdylar. Okuw maslahatynda welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Serdar Arazberdiýew, Türkmenistanyň Ýangyna garşy göreş meýletin jemgyýetiniň Daşoguz şäher şahamçasynyň hünärmeni Nigara Romanowa, «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Gutlymyrat Bekbaýew we beýlekiler çykyş edip, öňde duran galla oragy möwsüminde ýangyn howpsuzlygynyň doly üpjün edilmeginde amala aşyrylmaly işler, degişli ýerlerde tok, gaz, ýangyç bilen hereket edýän enjamlary, kombaýnlary, ulaglary gözden geçirmek, olara zerur serişdeleri berkitmek barada giňişleýin durup geçdiler. Şonuň ýaly-da, maslahatyň dowamynda ýangynyň öňüni almakda we ony söndürmekde peýdalanylýan serişdeleriň ulanylyşy iş ýüzünde görkezildi.