DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Döwrüň belent ruhy joşguny.

 

                         Döwrüň belent ruhy joşguny.
      Islendik döwrüň ruhy joşgunyny, belent maksatlaryny, tutumly işlerini dabaralandyrmakda medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň orny uly bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlanýan milli medeniýetimiz hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy joşgunyny açyp görkezmekde aýratyn orny eýeleýär. Indi birnäçe ýyldan bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi hem ýurdumyzda milli medeniýetiň, sungatyň ösdürilmeginde ähmiýetli çäreleriň biridir. Her ýylyň 27-nji iýunynda uly dabaralara beslenip bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni halkyň kalbyna deňelýän medeniýetimiziň älem içre belentden dabaralanmasy bolup dünýä dolýar. Uly buýsanja beslenýän günler bolsa bizi şol ajaýyp baýramçylyga barha ýakynlaşdyrýar. Medeniýetimiziň dünýädäki belent dabaralanmasyna öwrüljek bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda Aşyk Aýdyň piriň mekany bolan gadymy Daşoguz topragynda medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işler barada welaýat Medeniýet müdirliginiň bölüm müdiri Azymberdi Kakaýew bilen söhbetdeş bolduk.
      — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ösüşlere, şanly wakalara, taryhy pursatlara beslenip, göwünlere ganat berýär. Bu bolsa medeniýet we sungat işgärlerini täze döredijilik gözleglerine atarýar, olara ylham berýär. Her ýylda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligine häzirki wagtda taýýarlyk işleri ýokary depginde dowam edýär. Mary welaýatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Medeniýet hepdeligine welaýatymyzyň belli bagşy-sazandalary, ýaş estrada aýdymçylary hem-de «Dessan» birleşen tans topary gatnaşar. Şu ýylyň ýanwar aýynda halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi welaýatymyzyň dessançy bagşylaryny diýseň buýsandyrdy, olary täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrdy. Bu taryhy wakany has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Sabyr Sabyrowyň, Dursunjemal Gazakowanyň we Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberen Baýramowyň hem-de ýaş dessançylaryň ýerine ýetirmeginde «Ýör, halypam, bu gün toýa baraly!» atly aýdym-sazly çykyşy taýýarlamak işleri dowam edýär. Bagşylarymyzyň özboluşly baýramçylyk sowgady boljak bu çykyş Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynda ýerine ýetiriler. Şeýle hem hepdeligiň çäklerinde geçiriljek Daşoguz welaýatynyň güni mynasybetli guraljak konsertde çykyş etjek tanymal estrada aýdymçylary we bagşylar häzirki wagtda özleriniň täze aýdymlarynyň üstünde işleýärler. Bu konsertde ýerine ýetirmek üçin dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine birnäçe täze aýdymlar hem döredilýär.
       Medeniýet ulgamynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem häzirki wagtda güýçli depginde dowam edýär. Bu babatda kitaphanalarda guwandyryjy görkezijileriň gazanylandygyny bellemelidiris. Baý kitap goruny özünde jemleýän kitaphanalarda kitaplary elektron görnüşe geçirmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli welaýatymyz boýunça hereket edýän kitaphanalarda bar bolan kitap gorlarynyň 80 göterimden gowragy elektron görnüşe geçirildi. Bu bolsa kitaphana hyzmatlaryndan peýdalanýan okyjylar üçin döredilýän ajaýyp mümkinçilikleriň biridir. Şundan ugur alyp bellesek, elektron kitaplardan peýdalanýan okyjylaryň sanynyň has-da artandygyny nygtap geçmek möhümdir.
      Welaýatymyzda hereket edýän muzeýlerde hem işler döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýar. Täze gymmatlyklaryň gelip gowuşmagy bilen, muzeýlerimiz has-da baýlaşdyrylýar. Bu babatda alnanda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda, şu ýylyň 4-nji iýunynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda» atly ylmy duşuşygyň ornuny aýratyn bellemek gerek. Özara tejribe alyşmaga hem-de taryhy-medeni ýadygärliklerimizi öwrenmäge ajaýyp mümkinçilik bolan bu ylmy duşuşyk welaýatymyzda bar bolan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ähmiýetini halkymyza wagyz etmekde uly ähmiýete eýe boldy.

      Welaýatymyzyň medeniýet ulgamynda 2000-den gowrak işgär zähmet çekip, häzirki wagtda 1 sany şäher we 9 sany etrap medeniýet merkezi, 122 oba medeniýet öýi, 11 tans topary, 43 kitaphana, 8 muzeý, 11 çagalar sungat mekdebi, 2 çagalar çeperçilik mekdebi, 23 halk teatr topary hereket edýär. Şeýle hem welaýatymyzda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry we Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bar.

       «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi birnäçe döredijilik bäsleşiklerini geçirdi. Bu bäsleşiklere welaýatymyzyň medeniýet işgärleri uly höwes bilen gatnaşdylar. Aprel aýynda ýurdumyzyň folklor toparlarynyň arasynda geçirilen «Berkarar döwletiň folklor sungaty» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Akdepe etrabynyň medeniýet merkeziniň «Şähribossan» folklor topary baýrakly orna mynasyp boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini tamamlaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Belentden ýaňlansyn joşgunly owaz!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda welaýatymyzdaky çagalar sungat mekdeplerinden gatnaşan 17 sany okuwçy baýrakly orunlary eýeledi. Bu bolsa çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan ýaş nesilleriň milli sungatymyza bolan höwesini has-da artdyrdy. Şu ýylyň 21 — 25-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby esasynda sahnalaşdyrylan «Ygrar ataşy» atly oýny bilen gatnaşdylar. Şeýle hem welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleri özleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen, geçirilýän dabaraly çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Kitaphana we muzeý işgärleriniň guraýan sergileri çärä gatnaşýan myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Umuman, medeniýet işgärleri ýurdumyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini, ajaýyp döwrümizi belentden wasp etmek, halkymyza giňden wagyz etmek maksadyny öňde goýup, döredijilikli zähmet çekýärler. Medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri diňe üstünliklere beslensin!