DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Göwünlere ganat beren wakalar.

                     Göwünlere ganat beren wakalar.
      Ömürlere many, göwünlere ganat berýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir gün ajaýyp wakalara, taryhy senelere beslenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň güllere bezelen bahar pasly gadymy Daşoguz topragyny toý lybasyna bezedi. Şu ýylyň maý aýynyň 26-27-sine Arkadagly Serdarymyz welaýatymyza toý saparyny amala aşyryp, il saglygynyň ygtybarly goragyny üpjün etjek ak mermerli saglyk binalaryny ulanmaga berdi. Egsilmez şatlyk paýlan dabaralaryň hataryny artdyryp, Gahryman Arkadagymyzyň 31-nji maýda welaýatymyza iş saparyny amala aşyrmagy ýurdumyzda halk baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipesi hökmünde kesgitlenilendigini ýene bir ýola äşgär etdi. Häzirki wagtda kalba buýsanç, köňle ylham beren bagtyýar pursatlaryň bir ömre ýetjek täsirine bagyşlanan maslahatlar, duşuşyklar geçirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň welaýatymyzda geçiren duşuşyklary hem bu taryhy wakalaryň ähmiýetine bagyşlandy. Welaýat köpugurly hassahanasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary Serdar Gaýypow, Ýazdurdy Altybaýew, Amangylyç Golbaýew dagy gatnaşyp, çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň döwrebap saglygy goraýyş merkezlerini halkymyza sowgat bermegi, Gahryman Arkadagymyzyň hem iş saparynyň çäklerinde bu ýerde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklanmagy, şeýle hem köpugurly hassahanada işleriň guralyşyna, ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň edilişine ýokary baha bermegi duşuşykda edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Wagyz-nesihat duşuşygynda göwne ganat berýän taryhy pursatlara şaýat bolan köpugurly hassahananyň trawmatologiýa bölüminiň müdiri Şöhrat Jumadurdyýew, newrologiýa bölüminiň müdiri Mähri Rejepowa dagy hem çykyş edip, iň täze hem-de kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanany halkymyza sowgat beren hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny buýsançly beýan etdiler.