DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ideg işleri ýokary depginde.

                          Ideg işleri ýokary depginde.
          Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň gök ekerançylary her ýyl guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem bol pomidor hasylyny ýetişdirmek, ak bazarlarymyzda bu önümiň bolçulygyny döretmek ugrunda gaýratly zähmet çekýän hojalygyň gök ekerançylary häzirki wagtda 17 gektar ýere ekilen pomidoryň ideg işini kemsiz berjaý edýärler. Gök ekerançylaryň irginsiz zähmetiniň netijesinde, bol hasyla ynam döredýän pomidor meýdanlary kärendeçileriň çekýän zähmetiniň kemsiz ýerine düşjekdiginden habar berýär. Munuň özi daşardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan, ekologiýa taýdan arassa, ter gök önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek babatda öňde goýulýan möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Öňdebaryjy gök ekerançylaryň hatarynda tanalýan Allam Nurymbetow, Anwar Sadullaýew, Satbaý Aminow, Artykbaý Ýoldaşow ýaly kärendeçileriň her biri 1 gektar ýerde pomidor ösdürip ýetişdirýärler.