DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Döwrebap mekdebiň gurluşygynda.

                          Döwrebap mekdebiň gurluşygynda.
          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatymyzyň şäherdir obalarynda dürli maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşyklary üstünlikli alnyp barylýar. Olary gurup, halkymyzyň hyzmatyna bermäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmakda ençeme döwlet hem-de hususy gurluşyk edaralarynyň gurluşykçylary yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle öňdebaryjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy hem bar. Indi birnäçe ýyldan bäri bu kärhananyň gurýan uly binalarynyň, desgalarynyň kaşaňlygy, amatlylygy, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýandygyny aýtmak gerek. Munuň şeýledigini oňa Daşoguz şäherindäki 450 orunlyk welaýat köpugurly hassahanasynyň, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň merkezindäki çagalar dynç alyş seýilgähiniň we beýleki möhüm desgalaryň gurluşygynyň ynanylmagy hem aýdyň tassyklaýar.
             Bu hususy kärhananyň gurluşykçylarynyň häzirki wagtda Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda 600 orunlyk orta mekdebiň döwrebap binalar toplumynyň gurluşygyny hem ýokary depginde alyp barýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Çünki ýaş nesillere ösen döwrüň talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermeklige niýetlenilen taslamasynda munuň üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan mekdebiň gurluşygynda düýpli öňegidişlikler göze görnüp dur. Bu barada giňişleýin aýdylanda käbir zatlary ýörite bellemek bolar. Ýagny mekdebiň ymaraty 4 sany özbaşdak binalardan ybarat. Olaryň üçüsi 2 gatdan, biri hem 1 gatdan durýar. Bu binalarda ýokary hem-de aşaky synp okuwçylary üçin aýry-aýrylykda, dürli dersler boýunça ýöriteleşdirilen synp otaglarynyň köp sanlysy ýerleşýär. Olardan başga-da kitaphana, mejlisler eýwany, sport zaly, zähmet okuwlaryna gönükdirilen bölümler, mugallymlar üçin niýetlenilen otaglar, şeýle hem aýratyn ýerde naharhana, ammar we beýleki kömekçi jaýlar bar. Häzirki döwürde mekdebiň esasy binalarynyň 1-nji gatynda gurluşyk işleri dowam etdirilýär. Bu ýerdäki gurluşyk işlerinde dürli görnüşli tehnikalaryň, ýagny ýük göterijileriň, beton garyjylaryň, gurluşyk önümlerini daşaýjylaryň 10-a golaýynyň güýjünden peýdalanylýar. Şeýlelikde, gurluşyk üçin zerur bolan kerpijiň, sementiň, armaturanyň we beýleki serişdeleriň bökdençsiz getirilmegi bu ýerde işleriň öndürijilikli bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Elbetde, gurluşykçylarymyz öndürijiligiň ýokary bolmagy bilen birlikde işiň hiline hem uly üns berýärler. Sebäbi çagalaryň bilim-terbiýe aljak bu mekdebi diňe bir munuň bilen çäklenmän, eýsem uzak ýyllaryň dowamynda şäherimize görk berip durmaly. Şonuň üçin hem onuň amatlylygy, berkligi esasy şert hasap edilýär.
             Hawa, «Ähli zat bilim-terbiýeden başlanýar» diýip, bir akyldar aýdypdyr. Onuň hem şeýle mekdeplerden gözbaş alýandygy hakykat. Şoňa görä-de, olaryň gurluşygyny iň haýyrly, sogaply işleriň biri hasap etmek bolar. Munuň şeýledigine şu mekdebiň gurluşygyna gatnaşýan hünärmen-gurluşykçylaryň hem diýseň oňat düşünýändiklerini duýmak kyn däl. Nesip bolsa, ýene-de sanlyja wagtdan bu mekdebiň bosagasyndan oglan-gyzlaryň ýüzlerçesi ätlär. Şonda olar häzir bu ýerde zähmet çekýän adamlara alkyş aýdarlar.