DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bereketli hasyl öndüriler.

                                    Bereketli hasyl öndüriler.
           «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda welaýatymyzda göz öňünde tutulan 500 tonna pile taýýarlamak ugrundaky jogapkärli işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmagy maksat edinýän Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ezber ýüpekçileriniň 1380-si 2 müň guty ýaş gurçuklardan 80 tonna ýokary hilli pile öndürmegi göz öňünde tutýarlar. Bu sepgide abraý bilen ýetiljekdigini N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçi kärendeçileriniň ýadawsyz yhlasy hem görkezýär. Olar häzirki dowam edýän ýüpekçilik möwsüminde ýokary hilli pile öndürmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bu ýerde jemi 179 sany ýüpekçi bolup, olar üstümizdäki ýylyň zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşmak üçin 12,1 tonna ýokary hilli pile öndürmegi maksat edinýärler. Daýhan birleşiginiň başarjaň pileçileriniň biri hem Kerime Saburowadyr. Ol ençeme ýyllardan bäri ýüpek gurçugyny idetmek bilen, her ýyl Watan harmanyna ak piläniň saldamly hasylyny goşup gelýär. Ol şu möwsümiň başynda 100 gram ýaş gurçuklary idetmäge alypdyr. Häzirki wagtda ol ýanýoldaşy Hudaşükür aga, gelni Şahnoza, agtygy Nigina, ýakyn kömekçisi Inobet bilen agzybirlikde ýüpek gurçuklaryny idetmegi talabalaýyk alyp barýar. Bu ugurda birnäçe ýyllardan bäri zähmet çekip gelýän tejribeli ýüpekçiniň bellemegine görä, bereketli pile hasylyny almak üçin ýüpek gurçuklarynyň tut ýapraklary bilen ýeterlik iýmitlendirilmegi, arassa hem ýyly saklanylmagy zerurdyr. Şol talaplaryň berjaý edilmegi üçin onuň özi gije-gündiziň dowamynda ýüpek gurçuklarynyň ideginde zähmetini aýamaýar. Bu bolsa onda şu möwsümiň ahyrynda ýokary hilli piläniň bereketli hasylyny döwlet harmanyna goşjakdygyna berk ynam döredýär. Daýhan birleşiginde şeýle yhlasly zähmet çekýän ýüpekçileriň hatarynda Tamara Kerimbergenowa, Bahtiýar Ibadullaýew, Saparbaý Mädeminow dagyny gözkezmek bolar. Bu ýüpekçileriň her biri ýüpek gurçuklaryny idetmek işini talabalaýyk alyp baryp, şu ýyl bellenilen meýilnamanyň doly ýerine ýetiriljekdigini uly ynam bilen aýdýarlar.