DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Tebigata söýgi — Watana buýsanç.

                            Tebigata söýgi — Watana buýsanç.
        Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji aprelinde geçirilen, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň jemlerine bagyşlanylan mejlisinde hormatly Prezidentimiziň sebitiň ekologiýasyna Aral deňziniň guramagynyň ýetirýän täsirini azaltmak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýat häkimliginiň guramagynda ýaşlaryň bir topary welaýatymyzyň günbatar çäginde Bötendag belentliginiň golaýyndaky tokaý zolagynda saýaly we pürli nahallara ideg etmek, daş-töwereginde arassaçylyk işlerini amala aşyrmak boýunça geçirilen çärä gatnaşdylar. TDP-niň, TAP-nyň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TSTP-niň welaýat komitetleriniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň wekillerinden, meýletinçilerden hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplaryndan ybarat bolan toparyň agzalary çäräniň dowamynda tokaý zolagyndaky ösümlikleriň görnüşleri, olaryň ýerli toprak-howa şertlerinde ösüş aýratynlyklary, geljekde bu ýerde ösümlik dünýäsini has-da baýlaşdyrmagyň mümkinçilikleri bilen içgin gyzyklandylar hem-de birnäçe barlag-synag işlerini geçirdiler. Olar ýaş nahallara ideg etmek, olaryň töwereginde arassaçylygyň talabalaýyk bolmagyny gazanmak ugrundaky çärelere-de işjeň gatnaşdylar. Şeýlelikde, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilýän şeýle çäreleriň biziň welaýatymyzda hem yzygiderli häsiýete eýe bolýandygy guwandyryjydyr.