DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Möhüm meseläniň maslahaty.

                               Möhüm meseläniň maslahaty.
          TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de döwlet işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda welaýat salgyt bölüminiň mejlisler eýwanynda geçirilen wagyz-nesihat maslahaty köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine bagyşlanyldy. Oňa welaýatymyzyň ykdysady ulgamyna dahylly edaralarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýat Polisiýa müdirliginiň ýol gözegçiligi bölüminiň wagyz-nesihat bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany Atageldi Saparmedow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň guramaçysy Didar Osmanow, döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, welaýat salgyt bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhan Muhanow we beýlekiler çykyş etdiler. Olaryň belläp geçişleri ýaly, soňky ýyllarda halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen, ýollarda, köçelerde hereket edýän awtoulaglaryň sany has-da artdy. Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli alyp barýarlar. Elbetde, bu işler öz oňyn netijelerini hem berýär. Geljekde şeýle çäreleriň güýçlendirilmegi sürüjileriň we pyýadalaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegini we ýol hereketiniň howpsuzlygynyň gazanylmagyny şertlendirer. Maslahatda çykyş edenler bular barada aýtmak bilen, hemmeleri köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmäge çagyrdylar.