DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Hoşallyk maslahaty!

 

 

 

        Alkyş size, şöhrat size, Arkadag!

     Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden tutulýan ýylynyň mukaddes Gurban baýramy welaýatymyzyň taryhyna altyn sahypa bolup ýazyldy. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran iş sapary ildeşlerimiziň arasynda uly ruhubelentlik, çäksiz şatlyk-buýsanç döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen ulanylmaga berlen “Türkmeniňak öýi” binasynda geçirilen hoşallyk maslahatynda bular barada giňişleýin gürrüň edildi. Hoşallyk maslahatynda welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Henip Zahyrow, hormatly Prezidentimizden täze ýaşaýyşjaýynyň açaryny kabul edip alan köpçagaly maşgalanyň maşgalabaşysy Uzakbaý Esenow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Almagül Nazarowa, Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň başlukmany Orazdurdy Amanmämmedow dagy çykyşedip, hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar, milli Liderimiziň başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Maslahatda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzda dürli maksatly binalaryň — ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurulmagy bilen obadyr şäherlerimiziň keşbi düýpli özgerýär. Arkadag Prezidentimiziň şu gezekki iş sapary hem şeýle taryhy pursatlara baý boldy. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen ýaşaýyşjaý toplumy hormatly Prezidentimiziň taglymata öwrülen “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesiniň dabaralanýandygyny ýene bir gezek bütin aýdyňlygy bilen subut etdi. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Daşoguz şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylmagy aýratyn ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna şäher hem etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi hem döwlet Baştutanymyzyň halkymyz barada edýän aladalarynyň nyşanydyr. Şeýle ajaýyp pursatlaryň her biri welaýatymyzyň ilatynyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.