DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Tomsuň yssy günlerinde saglygyňyzy goraň!

 

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýyňa has ünsli bolmagy talap edýär. Lukmanlar munuň üçin aşakdaky kadalary berjaý etmegi maslahat berýärler:

Zerurlyk bolmasa, epgek howada Gün şöhlesiniň ýitileşýän wagty, ýagny sagat 10:00-dan 18:00-a çenli daşary çykmakdan saklanmaly.

Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen egin-eşikleri geýmeli.

Gezelençleri günüň sergin howaly çaglaryny göz öňünde tutup meýilleşdirmeli. Günüň aşa gyzýan wagty açyk howada gezelenç etmeli däl.

Gazlandyrylan içgilerden, agyr, ýagly naharlary iýmekden saklanmaly.

Gyzyp gelip, sowuk suwa düşmek, aşa sowuk içgileri içmek saglyk üçin zyýanlydyr.

Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin erkek adamlara başgap geýmek, zenanlara ýaglyk daňynmak, şeýle hem saýawandan peýdalanmak maslahat berilýär.

Günüň ýiti şöhlesiniň gözüňe hem oňaýsyz täsirini ýetirýändigi sebäpli, Gün şöhlesinden goraýjy äýnekleri dakynmaly.

Günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý arassa agyz suwuny içmek maslahat berilýär.

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen

habarlar esasynda taýýarlanyldy.