DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

Sport

      2010-njy ýylyň 14-nji maýynda Daşoguz şäherinde häzirki zaman sport toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu uly desganyň açylmagy milletiň Lideriniň ýurdumyzda durmuşa geçirýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek ýörelgeleriniň ýene-de bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. 10 müň tomaşaçy orunlyk stadion sport toplumynyň esasy desgasy bolup durýar. Mundan başga-da, toplumda üsti ýapyk basseýn, woleýbol, basketbol, boks we milli göreş üçin zallar, şeýle hem, kiçi futbol, woleýbol we basketbol üçin açyk meýdançalar, iki sany tennis korty bar. 50 orunlyk myhmanhana türgenleriň we myhmanlaryň hyzmatynda.