DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

Daşoguz welaýat kitaphanasy

 

 

       Pederlerimiziň ruhy siňen gadymy golýazmalary we kitaplary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk şertlerde aýawly saklamak, dikeltmek, düýpli öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek maksadyndan ugur alnyp,  2014-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşyp, ak pata bermeginde Daşoguz şäherinde welaýat kitaphanasynyň dokuz gatdan ybarat täze binasy ulanmaga berildi. Kämil enjamlar bilen üpjün edilen welaýat kitaphanasynyň täze binasy 600 okyja niýetlenen bolup, onda bir million kitaby we beýleki neşir önümlerini talabalaýyk saklamak, giň okyjylar köpçüligine hödürlemek üçin ähli mümkinçilikler bar. Elektron katalogda zerur bolan maglumatlary gözlemek we elektron kitaplary okamak üçin niýetlenen döwrebap sensor enjamlary bilen üpjün edilen. Kitaphanada seýrek neşirleri saklamak üçin ýörite bölümleri bolan dört sany kitap gaznasy, dürli ýaşdaky okyjylar üçin we zerur kitaplary çalt tapmaga hem-de olary okyjylara bermäge mümkinçilik berýän beketler ornaşdyrylan sekiz sany okalga zaly, kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylan otaglar, internet otaglary we «Türkmen kitabynyň taryhy» muzeýi hem-de 100 orunlyk maslahatlar zaly ýerleşýär. Kitaphananyň iň ýokarky - dokuzynjy gatynda älem giňişligini öwrenmäge niýetlenen kuwwatly teleskop hem ýerleşdirildi. Bu obserwatoriýadan asman jisimleri bilen gyzyklanýan alymlar, mugallymlar, talyplar, mekdep okuwçylary we beýleki adamlar peýdalanyp bilýärler.