Daşoguz welaýat häkimliginiň edara binasy 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Täze bina 6 gatdan ybarat bolup, onda döwrebap enjamlaşdyrylan 115 sany iş otaglary, 650 orunlyk uly mejlisler zaly we 4 sany kiçi mejlis otaglary ýerleşýär. Işgärler üçin ähli oňaýly şertler döredilen iş otaglary amatly mebeller hem-de işde ulanmak üçin döwrebap ulgamlar bilen üpjün edilen.
Şeýle-de binanyň içinde naharhana we 2 sany sport zaly bolup, onda dürli sport enjamlary oturdylan,
daş-töweregi döwrebap abadanlaşdyrylandyr.